Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz-2025» atly şadyýan bäsleşigi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Ýaňy ýakynda hem Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebinde bu bäsleşigiň Halaç etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen bäsleşdiler.
Gyzgalaňly geçen bu bäsleşikde I orna Halaç etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Arslanowa Almagül, II orna Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Gylyjowa Merýem, III orna Halaç etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Akmyradowa Melhem, Halaç etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Hudaýberdiýewa Gözel, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Çaryýargulyýewa Gülnäz, Halaç etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Gylyjowa Merjen dagylar mynasyp boldular.
I we II oruna mynasyp bolan eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.
Ýaraş HAÝYTOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.