Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz-2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri eziz Watanymyzy bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň aýdym-sazlarynyň, şahyrana sözleriniň, ene-mamalarymyzdan gelýän milli el işleriniň üsti bilen wasp etdiler.
Bäsleşigiň netijesinde I orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Näzli Amangeldiýewa, II orna Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Jennet Çopanowa, III orna Türkmenabat şäheriniň 32-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Maýa Sadykowa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýjan ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher geňeşiniň uly buhgalteri.