Adam hakyndaky aladanyň belent nusgasy.
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoluny işe girizmek dabaralary bolar.
Milli Liderimiziň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine mynasyp jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu babatda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag diplomatiýasy uly ähmiýete eýedir.
XXI asyrda global ösüşe mahsus meýiller, dünýäde täze ykdysady merkezleriň döremegi energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Dünýäniň energetiki kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegi şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň girewine öwrüler.
Türkmenistan özüniň tebigy gaz baýlyklary boýunça dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Ýangyjyň alternatiw görnüşlerini tapmak boýunça düýpli işleriň geçirilýändigine garamazdan, hut uglewodorod çig maly — nebit we tebigy gaz ýakyn geljekde dünýä ykdysadyýetiniň energetika bilen bagly bölegini üpjün edýän esasy serişde bolup durýar. Käbir hasaplamalara görä, dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 85 göterimi gazylyp alynýan baýlyklaryň paýyna düşýär. Şeýle şertlerde bolsa uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlaryna iberilmegi örän möhüm ähmiýete eýe bolýar, onuň dünýädäki umumy ýagdaýa, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň häsiýetine we ugruna ýetirýän täsiri barha artýar.
Energiýa serişdeleriniň öndürijiden sarp edijä ýetirilmegi üçin ynamdar üstaşyr ulgamynyň döredilmegi zerur. Ol üç tarapyň — energiýa serişdelerini öndürijiniň, ony üstaşyr geçirijiniň hem-de satyn alyjynyň syýasy, hukuk, ykdysady taýdan ylalaşykly hem-de kepillendirilen sazlaşykly hereketleri zerur.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada öňe süren başlangyjy 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakyndaky Rezolýusiýalary bilen goldanyldy. Şondan soňky ýyllarda türkmen paýtagty iri energetika forumlarynyň, şol sanda BMG-niň howandarlygynda guralýan forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Hususan-da, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen onuň 28-nji mejlisi Aşgabatda üstünlikli geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bolsa bu ugurdaky işleri has hem işjeňleşdirmäge ýol açdy.
Asyryň iri energetika taslamasy hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry bolup durýar.
TOPH gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. Taslamanyň uzynlygy takmynan, 1814 kilometre barabar bolup, onuň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň uzynlygy 214 kilometre deňdir. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
TOPH gaz geçirijisi Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer we şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Täze gaz geçirijiniň gurulmagy netijesinde, müňlerçe goşmaça iş orunlary dörär. Bu bolsa, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegine ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» duşuşygynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň başy başlandy.
Bu örän uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň hem-de Tehniki iş toparynyň Aşgabatda, Yslamabatda, Kabulda we Nýu-Delide maslahatlary geçirildi. Bu maslahatlarda taslamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak barada birnäçe ylalaşyklar gazanyldy.
2012-nji ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistanyň we Pakistanyň milli kompaniýalary bilen tebigy gazy satyn almak, satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Ýolbaşçy komitetiň 2013-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen 17-nji mejlisinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Owganystanyň gaz korporasiýasynyň arasynda gazy satyn almak-satmak hakyndaky şertnama gol çekildi. 2013-nji ýylyň 19-njy noýabrynda bolsa türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara nebitgaz forumynyň çäklerinde Tranzaksion Geňeşçi bilen Hyzmat ediş ylalaşygyna gol çekildi. Aziýanyň ösüş banky Tranzaksion Geňeşçi hökmünde çykyş etdi.
Tebigy gazy çykarmak, ibermek hem-de turba geçirijileri gurmak boýunça 50 ýyldan hem gowrak tejribesi bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baştutanlygyna biragyzdan saýlanandygyny hem bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystan Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna berilýän maýa goýumlary barada habar berildi. Munuň özi daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär, olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň energetika syýasaty däp bolan ugurlary ösdürmek bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün etmek ýaly global meseleleri hem umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän energiýa howpsuzlyk strategiýasy bu günki gün milli derejeden has giň gerimlere eýe bolýar we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanýar we goldaw tapýar.
Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini döredýän we gurýan Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda hem ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar we işjeň durmuşa geçirilýär. Bu sebit we global ähmiýetli iri möçberli halkara derejesindäki taslamalarda öz beýanyny tapýar. Özara bähbitli we dostlukly garaýyşlara eýermek bilen, ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk bolsa ilkinji nobatda ýakyn goňşy bolan sebit ýurtlary bilen bilelikde ýerine ýetirilýär.
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu demir ýol Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda gol çekilen Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Umumy uzynlygy 13 kilometr bolan demir ýoluň Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýandygy aýratyn bellärliklidir.
Munuň özi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer. Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmak hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmek üçin has oňaýly usula eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatyň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesiniň döredilmegine degişli mesele boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ondan köp wagt geçmän, ýagny 2014-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana bolan resmi saparynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa boýunça dörediljek ulag geçelgesine Türkiýäniň hem goşulmagy baradaky garaýyşlar beýan edildi.
2014-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesiniň Ylalaşygynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi, oňa ýokarda ady agzalan ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag Hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Owganystandan Ýewropa çenli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi gatnaşyjy ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleriň üpjün edilmeginde we Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ulag-üstaşyr geçelgesi geljekde umumy söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagyna hem-de ýükleriň üstaşyr geçirilmegine, harajatlaryň peseldilmeginiň hasabyna sebitiň ýurtlarynyň her biriniň ösüşine we öňe gitmegine ýardam eder. Şeýle-de bu taslamanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine, iri sebit we halkara infrastruktura taslamalaryna goşulmagyna ýardam etjekdigini aýdyp bolar.
Demir hem-de gara ýollaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz menzili bilen birleşdirmegi göz öňünde tutulýar. Soňra geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, ondan aňry Tbilisiň üsti bilen Ankara we soňra Stambula çenli dowam etdiriler. Türkmenistanda bar bolan demir we awtomobil ýollary bu ulag geçelgesiniň eýýäm uly bölegini emele getirýär, oňa Turgundynyň birikdirilmegi bolsa, ilkinji nobatda, üstaşyr geçirmek logistikasyny ýeňilleşdirmäge, Owganystanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyny artdyrmaga hem-de sebitde söwdanyň möçberlerini köpeltmäge gönükdirilendir.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
20.02.2018ý.