DÖWLETLI IŞLER ROWAÇLANÝAR

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» zähmet üstünliklerine beslenip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da özgerýär. 22-nji fewralda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary hem, adatça bolşy ýaly, netijeli we işjeň häsiýete eýe bolup, döwletimizde adam we onuň bagtyýar geljegi ugrundaky işleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek we durmuşa geçirilýän döwletli işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen «Arkadag şäherini döwrebap ösdürmek – döwrümiziň möhüm wezipesi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri, ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de Milli Liderimiziň nobatdaky iş saparynyň çäklerinde garalan meseleler barada täsirli gürrüňler edildi.

 

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 45 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

27 Fewral 2025 | 44 okalan

DÖWLETLI IŞLER ROWAÇLANÝAR