HALKARA TRANSMILLI DESGALAR

TÄZE taryhy döwürde — 2018-nji ýylda ata Watanymyz hakykatdan hem Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ykdysady mümkinçiliklerimizi, maddy baýlyklarymyzy öz bagtyýar halkymyza, şonuň bilen bilelikde-de häzirki zaman Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen goňşy hem-de dünýä döwletleriniň halklarynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýär.

Ine, bu günki dünýä dolan halkara toý-baýramyň öwüşginleri hem aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Serhetabatdan birnäçe kilometr çemesi daşlykda — serhediň alkymyndaky ajaýyp ýer taryhy wakany aýasynda göteren ýere öwrüldi. Bu toýa uly sabyrsyzlyk bilen garaşyldy. Taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan bu ýerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoluny işe girizmek mynasybetli dabaralar boldy. Şeýle halkara derejeli uly taslamalaryň gözli şaýady bolandygymyza begenjimiziň çägi ýok.

Dünýäniň syýasy geografik kartasynda parlak ýyldyzy ýaly lowurdaýan Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, diňe bir Ýewraziýa giňişliginde däl, tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ysnyşmagyň täze ýollaryny dünýä çekýär.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy daýanç sütünleriniň biri ynsanperwerlik ugry. Bu ugruň astynda goňşy Owganystan döwleti bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň mysalynda biz bu aýdylanlary käbir mysallar arkaly delillendirmegi makul bilýäris. Bilşimiz ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Türkmenistan häzirki wagtda Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen giň möçberli çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär.

Türkmenistan döwletimiz goňşy Owganystanda parahatçylygy we durmuş-ykdysady infrastrukturasyny dikeltmäge işjeň gatnaşýar. Energiýa serişdelerine ýiti mätäçlik çekýän Owganystan döwletine çärýek asyrdan gowrak wagt bäri elektrik energiýasyny ýeňillikli bahalar bilen bermegi amala aşyrýar.

2018-nji ýyl biziň durmuşymyzda täze aýdyň sahypalary ýazýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, gadymy Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurt. Gadymy tebigy baýlyklar babatda gaty köp serişdeleriň, mümkinçilikleriň dünýä üçin açylýan ýurdy. Şonuň üçinem bu ýyl biziň tebigy baýlyklarymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä çykarmak hakyndaky taryhy taslamalaryň ençemeleriniň amala aşyrylýan ýyly.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ugrunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň düýbi tutuldy.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ine türkmen paýtagtynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi onuň düzümine degişli ähli desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryň elektrik geçiriji ulgamlarynyň geljekde bir bitewi ulgama, bir şaha birikdiriljekdigini aňladýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara aragatnaşyk giňişliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulag-üstaşyr hereketini üpjün edýär. Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Türkmenistan özüniň milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ulag ulgamynda dünýä üçin möhüm teklipleri öňe sürýär. Hazar deňzinden başlap, Gara deňiz sebiti, ondan aňryk bolsa Baltika döwletlerini öz içine alýan giňişlikde ulag-üstaşyr kommunikasiýa geçelgesini döretmek hakynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan hödürlenen teklipler häzir diýseň wajyplygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ulag we söwda giňişligi ilki bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, haryt dolanyşygynyň artmagyna, üstaşyr gatnawdan gelýän girdejileriň köpelmegine oňaýly täsir edýär. Şol bir wagtda-da, ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňemegine, parahatçylygyň berkemegine, täze ulag-energetika we kommunikasion taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň kepiline öwrülýär.

Kommunikasiýalaryň halkara ulgamynyň täze düzüm bölegini ýaýbaňlandyrýan Türkmenistan, sözüň doly manysynda, gadymy Ýüpek ýoluny bu gün ykdysady, dostluk-doganlyk, parahatçylyk ýoluna öwürýän ýurtdyr.

Serhetabat — Turgundy demir ýoluny işe girizmäge badalga berilmegi bilen bu ýol geljekde Türkmenistany Owganystanyň Turgundy şäheri, geljekde bolsa, Eýran Yslam Respublikasy bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz sebitiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen tarapynyň hemaýat bermegi netijesinde gurlup ulanylmaga berlen uzynlygy 13 kilometr bolan Serhetabat — Turgundy demir ýol ugrunyň açylmagy, şeýle hem elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy sebitiň ýurtlary bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir wagtyň özünde türkmen halkynyň ynsanperwerliginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, belent adamkärçiliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu taslama Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge, ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykmaga mümkinçilikleri açar.

Abdy ABDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

03.03.2018ý.

Öňki makala

PERZENTLIK PARZYMYZ

Meňzeş habarlar

10 Iýul 2025 | 1 okalan

ENAÝ – LEZZETE BAÝ

10 Iýul 2025 | 1 okalan

FORUM – BU NÄME?

10 Iýul 2025 | 1 okalan

DOGRAMA