Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzyň ykbaly, ýaşlaryň durmuşy bilen bagly wakalar sanardan köp. Milli Liderimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen geçirilýän işleriň ählisinde bolsa türkmen ýaşlarynyň bagtyýar şu güni, eşretli ertiri we röwşen geljegi aýdyň görünýär. Döwletimizde geçirilýän medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik çärelerine ýaşlar hem işjeň gatnaşyp, olaryň guramaçylyk derejesini, ähmiýetini we ýaşlaryň durmuşyndaky ornuny öwrenýärler. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýaşlaryň arasynda jemgyýetimizdäki bolup geçýän syýasy wakalara öz seslerini goşup, ony wagyz etmäge we wasp etmäge çalyşýarlar. Ine, şeýle maksatlary öňde goýup, ata Watanymyzyň ösüşli gadamlaryna goşant goşmaga çalyşýan bagtyýar talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Oňa gatnaşan ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny we syýasy ähmiýetli döwlet çäreleri dogrusyndaky pikirlerini şeýle beýan etdiler.
Mekan GYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
— Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ylma daýanyp ösdürmeklik boýunça ýokary derejeli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar şertlerine geçmegi bilen döwlet derejesinde täzeçe meýilnamalardyr maksatnamalar kabul edilýär. Bize mälim bolşy ýaly, 2017- nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmek boýunça geljek ýedi ýylda edilmeli işler hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biz Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny ýaş nesiller bolup goldamak, ulanmaga berilýän döwrebap desgalaryň açylyşyna gatnaşmak bilen öz deň-duşlarymyzyň arasynda wagyz edýäris. Ýakynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky önümçilik zolagynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan telekeçiler üçin işlemäge ajaýyp şertleriň döredilmegi bilen, ýörite telekeçilik iş edaralarynyň täze binalarynyň açylyşyna biz hem gatnaşyp, taryhy wakalara şaýat bolduk. Täze aýna önümçiligi kärhanasynyň işe başlamagy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döremegine getirýär. Zähmet bazarynda ýaş hünärmenlere aýratyn orun berlip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmakda oňyn görkezijilere eýe bolar.
Elbetde ýaş telekeçileriň goldanylmagy bilen ýurdumyzda täze önümleriň öndürilmegi bäsdeşlik esasynda raýatlarymyz üçin amatly bahadan täze harytlaryň çykarylmagyna-da uly goşant bolýar. Şeýle asylly işleri bilen halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan we biz — ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.
Islam ORAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän
ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi:
— Söhbedimizi taryha ýaň salan şanly wakalardan başlasak ýerlikli bolarmyka diýýän. Has dogrusy, şu ýylyň fewral aýynyň 23-ine biziň Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda ýene bir arzyly waka boldy. Şol gün Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň we şonuň bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbi tutuldy. Dört döwletiň ylalaşygynyň esasynda amala aşyrylýan gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1840 kilometr bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabardyr. Asyryň taslamasy adyna mynasyp bolan bu gaz geçiriji Pakistanyň hem-de Hindistanyň mawy ýangyja bolan isleglerini kanagatlandyrar. Şol bir wagtyň özünde bu halkara gaz geçiriji Owganystandan hem üstaşyr geçmek bilen bir tarapdan, goňşy owgan halkynyň belli bir derejede tebigy gaza bolan zerurlygyny azaltsa, beýleki bir tarapdan, Owganystandaky syýasy ýagdaýyň gowulanmagy hem-de ykdysady durnuklylygyň kemala gelmegi üçin hem ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyz özüniň ýangyç-energiýa goruny ýylylyk çeşmesi hökmünde peýdalanmak üçin paýlaşmaga elmydama taýýar. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we uzak möhlete niýetlenen örän oýlanyşykly daşary syýasy strategiýasy dünýä döwletleri bilen şeýle taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi elbetde, ilkinji nobatda sebitde, galyberse-de, yklymda we tutuş dünýäde abadançylygy, howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmegiň ilkinji esaslaryny kemala getirýär.
Döwran MUHADOW,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
— Müňlerçe ýyllaryň dowamynda Gündogardan Günorta, Günbatara, Demirgazyga uzap giden uzak ýollar dürli döwletleri, halklary, olaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyryp, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly itergi beripdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini wagyz edip, ýylyň dowamynda şatlykly baýramçylyklary, sport çärelerini, ylmy maslahatlary geçirmeklik işjeň ýagdaýda dowam edýär. Şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri hem ýaňy-ýakynda gadymy Jeýhunyň ýakasynda badalga alan ylgaw we welosiped ýaryşlary şeýle-de “Amul — Hazar 2018» atly awtoralli bilen baglanyşykly dabaralardyr. Amul galasyndan gojaman Hazaryň kenaryna çenli aralykda ylgaw, welosiped we awtoralli ýaryşlary milli awtomobil sportunyň ösmegine, ýaş awtomobil sportuny söýüjileriň uly toparynyň döremegine, ýeňil atletikaçylaryň we welosipede erk ediji türgenleriň kämil ukyplaryny ýüze çykarmaga ýardam berer.
Şeýle-de ýaryşlara badalga berlen gününde Türkmenabat Halkara howa menziliniň hem açylmagy bu dabaraly wakalaryň üstüni ýetirdi. Ýurdumyzyň milli howa ýollardaky kuwwatyny görkezen täze howa menzili hem döwletimiziň ulag-aragatnaşyk kommunikasiýasynyň işini has öňe ilerleder. Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnan Gündogar welaýatymyzdaky howa derwezesi geljegiň uzak möhletleri üçin öz hyzmatyny amala aşyrar. Biz şeýle buýsançly çärelere işjeň gatnaşyjylar hökmünde onuň many-mazmunyny ýokary derejede wasp etmegi perzentlik parzymyz hasaplaýarys.
Ýazga geçiren Gurbangeldi HYDYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
01.03.2018ý.