ARKADAGYŇ BEÝIK GÖRELDESI — ARTDYRÝAR SPORTA HÖWESI

Arzyly ýyllaryň bir-birinden nurana günleri her birimiziň ykbalymyzy bezäp, Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmatyny barha artdyrýar. Özem şanly seneleriň yzygiderli we sazlaşykly gelmegi türkmen topragynyň bagtyýarlyk ruhuny we täze ösüşlere beslenen strategik ösüşini ýokarlandyrýar. Bu günki günde halkymyzyň halkara abraýyny we ata Watanymyzyň dünýä içre şöhratyny artdyrýan wakalar hökmünde, geljegiň bähbitlerini öz içine alýan pursatlarda bütin adamzadyň, hususanam, ýaş nesliň ykbalyna täsir ediji we özgerdiji güýç bar.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe wagtdan bäri badalgasyna we geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw we welosiped hem-de «Amul — Hazar 2018» Dakar derejeli halkara awtomobil ralli ýaryşlaryna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bagly dabaralar Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň hakydalarda ebedi orun alan pursatlary boldy. Has takygy, düýn gadymy Jeýhunyň ýakasy bolan Türkmenabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk joşgunynda «Bitarap Türkmenistan» köçesiniň ugrunda sportuň ylgaw we welosiped görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga berildi. Bu çärä ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we paýtagtymyzdan baran myhmanlar, sport wekilleri, ýaşlar we ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde jemlenip, eziz Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip, ýaryşlaryň badalgasyna işjeň gatnaşdylar. Baýramçylyk şowhunly, uly joşgunly köçäniň dowamynda milli Liderimiz ylgaw taýajygyny eline alyp, birnäçe menzil ýol geçdi. Sportuň dürli görnüşlerinden ussatlyk bilen baş çykarýan milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bu ýere jemlenenler ylgaw taýajygyny elden-ele geçirip, menzilden menzile aşdylar. Soňra bolsa, ýurdumyzda asylly däbe öwrülen welosipedli ýöriş meýilleşdirilen ýaryşlaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Bu ýoluň ugrunda hem milli Liderimiz welosipedli kerweniň başyny çekip, uzynlygy giň-giden halaýyk bilen welaýatyň kaşaň bagt köşgüne çenli uzak aralykdaky ýoly geçdi. Agzybirlikde we jebislikde, sagdynlykda we ruhubelentlikde başlanan bu sport baýramçylygy Amyderýanyň kenarynda, Amulyň gujagynda dowam etdi. Ýagny dünýäde öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Dakar derejeli awtoralli ýaryşyna ak ýol açyldy. Daşary döwletleriň ençemesinden myhmanlary we türgenleri jemlän bu dabaraly meýdançanyň çäklerinde hem Gahryman Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagyna erk edip, ussatlygyň we ýokary başarnygyň nobatdaky nusgasyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýeren, gadymy türkmen topragynyň üstünden, tebigatyň eçilen gözellikleriniň goýnundan geçjek sport awtoulaglarynyň ussat erk edijileri bolsa bu ýerden ýola düşüp, täze täsinlikleriň we ajaýyp pursatlaryň şaýady bolarlar. Umuman, üstümizdäki ýylyň altyn güýzünde gojaman Hazaryň kenarynda jemlenjek bu sport ýaryşlarynyň badalgasy örän ýokary derejede bolup, ähli halkymyzda sagdynlyga söýgi we ruhubelentlik duýgularyny artdyryp, dowam edýän taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi.

Biz bolsa, şu mukaddes Diýaryň şeýle ähmiýetli we döwletli tutumlaryna buýsanyp, döwrüň iň ajaýyp günleriniň şaýady bolýandygymyza tüýs ýürekden begenýäris. Çünki bu pursatlarda baý geçmişli halkymyzyň beýik taryhy, bagtyýar şu güni we ýagty ertiri bar. Bu ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha dabaralanyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagy ugrunda durmuşa geçirilýän tagallalaryň ähmiýetli we netijeli esaslaryny özünde jemleýär. Ýylyň netijeli we ýokary görkezijili sport çäreleriniň esasylarynyň biri bolan bu ýaryşda ýaşlaryň güýç-kuwwaty artyp, sport älemindäki gaýratly gadamlary has-da dabaralanar.

Ýurdumyzyň gündogar welaýatyndaky şeýle ähmiýetli wakalar milli Liderimiziň bu ýerde eden taryhy çykyşy bilen, sebitde iri Türkmenabat Halkara howa menziliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen baýlaşdy. Milli binagärlik keşbi we ýokary işjeňligi üçin bu howa derwezesi halkara giňişliginiň hem ýokary bahasyna we ykrarnamasyna mynasyp bolup, gurluş arhitekturasynda ýyldyz görnüşli desga hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz beýanyny tapdy.

Pederlerimiziň: «Ýaz ýakymly, nurly pursatlarda edilen ýagşy arzuwlar hasyl bolarmyş» diýen ynanjyna eýerip, ýurdumyzyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň milli mertebesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda irginsiz aladalar bilen beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň gadamlarynyň şanly bolmagyny arzuw edýäris.

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,

«Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

“Nesil” gazeti,

27.02.2018ý.

Meňzeş habarlar