YKLYMLARY BIRLEŞDIRIJI GÜÝÇ

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz alyp barýan daşary syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň özara gatnaşyklarda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň işinde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan sebitara we yklymara derejede köp şahaly ulag infrastrukturasyny döretmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan halkara derejede durmuşa geçirilýän düzümleýin hem-de tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň ençemesine gatnaşyjy ýurt bolup durýar. Biziň ýurdumyz öz ulag-aragatnaşyklaryny ösdürmek we ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategik taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi — hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alyp barýan beýik işleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berýär. Geografiki taýdan örän amatly — Orta Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt ulag-üstaşyr kuwwata eýedir. Hut şu nukdaýnazardan hem Türkmenistan özüniň geoykdysady strategiýasynda multimodal we intermodal ulag-üstaşyr ulgamyny döretmeklige möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda birnäçe uly ulag-üstaşyr taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygy muny doly tassyklaýar. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu möhüm halkara Kararnamada häzirki zaman şertlerinde bütin dünýäde durnukly ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda ulaglaryň, ulag-üstaşyr we logistika ulgamlarynyň möhüm orna eýedigi aýratyn nygtalyp bellenilýär we bu babatda halkara bileleşigi tarapyndan geljekde amala aşyrylmaly tagallalar, teklipler aýdyň beýan edilýär. Onda beýan edilenleriň ýurdumyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyklygy buýsançly hakykatdyr. Bu Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da beýgeltdi.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky döwrebap howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili we ýurdumyzda gurlan we gurulýan beýleki desgalar halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölekleridir. Işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek barada anyk başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen halklary birek-birege ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Türkmenistan döwletimizi dünýä ýurtlary bilen parahatçylykda, dost-doganlykda, hyzmatdaşlykda birleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

24.02.2018ý.

Meňzeş habarlar