Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi, şonuň bilen birlikde halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş-ýaşaýyş şertleriniň düýpli gowulanmagy halkymyzyň röwşen geljege bolan beýik ynamyny ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir işde ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, her bir adamyň mertebesini beýgeltmek hem-de onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky alada öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr» diýen parasatly sözlerine jogap edip, ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde ösen ýurtlaryň ýaşlary bilen deňleşip, kämil çykmaklary üçin, geljekde tutanýerli, ilhalar, watansöýüji, ajaýyp döwrümiziň mynasyp adamlary bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik we tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly ýaşlaryň arasynda birnäçe işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň, tutuş türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşini berkarar eden bagtyýarlyk döwrümiziň her güni, her pursady il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli şanly wakalardan doly. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň teleköpri arkaly ak pata bermeginde türkmen — owgan serhedinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägine düşýän böleginiň gurluşygyna başlamak hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan 500 kW elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüni tutmak boýunça şanly wakalaryň, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyş dabarasynyň şaýady bolduk. Halkara hyzmatdaşlygynda uly geljegi nazarlaýan bu taslamalar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş-özgerişli gadamlarynyň batlanmagyna güýçli itergi berer.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de täze zamananyň buýsanjyna öwrülýän taryhy wakalar jandan eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär. Mähriban Arkadagymyzyň aladalary, bildirýän ynamlary biz — ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap Watany söýmäge, röwşen geljegi bolan merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolmaga borçly edýär.
Türkmenistan döwletimizi dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, netijede bolsa, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
24.02.2018ý.