Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny, halkara gatnaşyklary ulgamyndaky belent abraýyny, ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen, “Parahatçylyk: Ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň ilkinji sany ýazgy edildi.
Gepleşikde TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Umyda Kakaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowa hem-de Döwletmämmet azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty, TMÝG-niň işjeň agzasy Çeper Nazargylyjowa dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň», ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmagynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy barada aýratyn bellediler.
Gepleşigiň ahyrynda Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.