Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan – zemin zynaty» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen bu çärä Arkadag şäheriniň öňdebaryjy gyz-gelinleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Olarda Berkarar döwletimiziň, ene mukaddesligi we zenanlaryň waspy belent heňde wasp edildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde buýsançly çykyşlara hem giň orun berildi. «Häzirki wagtda türkmen döwletinde we jemgyýetinde zenanlaryň orny barha artýar. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň zenanlar babatdaky alyp barýan syýasatyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy hem-de milli kanunçylygyň degişli hukuk namalary, zenanlaryň döwrebap bilim almagy hem-de saglygy, jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän orny bilen baglanyşykly üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar olaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Zenanlar halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Diýarymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerine öz goşantlaryny goşýarlar we Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirýärler» diýlip, çykyşlarda uly buýsanç bilen bellenildi hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.