Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan, çuňňur zehininden syzylyp çykýan eserleri türkmen ýaşlary üçin bahasyz gollanmadyr, durmuş mekdebidir. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseriniň – «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek, halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we şahsyýetini öwrenmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu neşiriniň gymmatly gollanmadygy dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Ahmet GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.