Ýakynda “Bagt güli” toý mekanynda Büzmeýin etrap häkimliginň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaşlar hem-de kümüş saçly enelermiz gatnaşdylar we dabaranyň dowamynda çeper höwesjeň gyz – gelinlerimiziň ýerine ýetirmeginde aýdym – sazlar ýaňlandy şeýle-de kümüş saçly enelermize, mähriban gelin-gyzlarmyza baýramçylyk mynasybetli gül sowgatlary berildi.
Mälim bolşy ýaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ata Watanymyzda mähriban ene – mamalarymyza, gelin – gyzlarymyza , sarpa goýmak, olaryň mertebesini belentde tutmak, edep ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak barada taýsyz tagallary edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýen jümlesi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Çäräniň ahyrynda mähriban gelin-gyzlarymyza uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurgözel ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.