SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dokma toplumlarynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sahna oýny görkezildi.

Sahna oýunda maşgala durmuşyna degişli eser janlandyryldy. Olarda ula hormat goýmak kiçini söýmek adamkärçilikli we pes göwünli bolmak şeýlede watansöýüjilik, wepadarlyk, adalatlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetler hem öz beýanyny tapdy. Görkezilen sahna esere tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak pursatlary döretdi.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar