Golaýda Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Bagtyýarlyk etrap Zenanlar bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli etrabyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda «Gyz görki saçda bolar, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşik geçirildi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde çäre täsirli hem çekeleşikli geçdi. Nesillerimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, gyzlaryň arsynda ene-mamalarymyzdan gelýän edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmekden, uzyn saçly, gözel gyzlarymyzyň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan talyp gyzlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlar, sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýna GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.