Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny, halkara gatnaşyklary ulgamyndaky belent abraýyny, ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini hem-de halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen çäreleri wagyz etmek maksady bilen, “Parahatçylyk – Ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşikde TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Mahym Selimowa, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Mährijemal Ataýewa, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky IÝG-nyň başlygy Osman Aşyrow hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky IÝG-nyň başlygy Myrat Goşaýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän parahatsöýüjilik syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, halkara gatnaşyklarda gazanýan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralary barada giňişleýin söhbet edildi.
Gepleşigiň ahyrynda Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.