EÝJEJIK GYZJAGAZLAR BÄSLEŞDILER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagyny, şadyýan, sagdyn ösmegini, döwrebap bilim-terbiýe almagyny, hünär öwrenmegini, geljekde Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek ugrundaky işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen her ýylda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşiginiň zehinli körpeleriň ýüze çykarylmagynda ähmiýeti ýylsaýyn artýar.  Muny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilen bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan etmeginde geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň deslapky tapgyryna Arkadag şäherindäki umumybilim berýän mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlar gatnaşyp, üç şert boýunça özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşýan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ikinji şertinde bäsdeşler milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň üçünji  şertinde öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler.

Milli bahar baýramy mynasybetli yglan edilen bu bäsleşige gatnaşyjy körpeler bahar buşlukçylary kimin, sahnanyň bezegine öwrüldiler. Ýaňlanan şirin-aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar, milli el işleri türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we gymmatly mirasynyň ynamly ellerdedigini ýene bir gez äşgär etdiler.

Turuwbaşdan çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça baş baýraga Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy Gülnar Gurbangulyýewa, 1-nji orna Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Oguljennet Döwletgeldiýewa, ikinji orna Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýnur Hallyýewa we baýrakly üçünji orna Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýperi Annaberdiýewa mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolanlara hem-de işjeň gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Mart 2025 | 1 okalan

EÝJEJIK GYZJAGAZLAR BÄSLEŞDILER

10 Mart 2025 | 0 okalan

SAGDYN NESIL – BAGTYÝAR GELJEK