Şeýle şygar bilen ýakynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäher prokuraturasynyň, Arkadag şäher kazyýetiniň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäher Döwlet migrasiýa gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen çäre terbiýeçilik ähmiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak, jenaýatçylyklaryň, öz janyna kast etmek ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleriň öňüni almak wagyz-nesihat çäresiniň esasy maksady boldy.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.