Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap Geňeşleri, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işçi ýaşlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Nowruz-ösüşiň we gözelligiň nagmasy” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler buýsançly çykyşlarynda Nowruz baýramy häzirki wagtda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar diýip täsirli belläp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ösüşiniň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Güneş JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.