Golaýda Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, etrap Bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň orta mekdepleriniň 8-12-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýän Iň uzyn saçly gyz-2025 atly bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdi.Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan iň uzyn saçly gyzjagazlaryň onlarçasy gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyza bildirýän ynamyny ödemek, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, bilimlerini ösdürmek we kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsleşikde gyzjagazlar ýerine ýetiren joşgunly çykyşlarynda eziz Watanymyza, beýik döwrümize çäksiz söýgüsini, bagtyýar çagalyga bolan buýsanjyny beýan etdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýlar Umarowa 1-nji orna, 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Bahar Baýramowa 2-nji orna, 3-nji orna bolsa Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Selbi Muradowa, Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Jeýhunowa, Dänew etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Hasanowa dagylar mynasyp boldylar.
Bäsleşigiň ýeňiji gyzlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Rahmet BEŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.