Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi etrabyň 40-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-12-nji synpynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýän “Iň uzyn saçly gyz-2025” atly bäsleşigiň Saýat etrap tapgyry geçirildi.Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan uzyn saçly gyzlar gatnaşdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyza bildirýän ynamyny ödemek, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň edebiýata,medeniýete sungata aýdym-saza, çeper döredijilige höwesli, zehinli gyzlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna mahsus dört örümli uzyn gara saçlaryny, milli lybaslarymyzy çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler.Bäsleşigiň şertlerine görä I orna Saýat etrabynyň 15-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýzada Aýdogdyýewa, II orna Saýat etrabynyň 50-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Soltanyýazowa Uzyk , III orna Saýat etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Keýik Nepesowa mynasyp boldular.Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Türkmenistany bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Aýjan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.