Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan eden Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan 8-12-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda geçirilýän «Iň uzyn saçly gyz – 2025» atly bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşikde okuwçy gyzlar 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ýaban Astanakulow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, etrabyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň mugallymy Azat Muradow eminlik etdiler.
«Iň uzyn saçly gyz – 2025» atly bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyrynda I-orna etrabyň 8-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýna Durdymuradowa, II orna etrabyň 23-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýlar Hudaýberdiýewa, III-orna etrabyň 13-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýjeren Merdanowa dagylar mynasyp boldular. Bäslikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.