WATAN GORAGY MUKADDESDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2107 harby bölüminiň esgerleriniň arasynda «Watan goragy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ata Watan, eziz toprak her bir ynsan üçin mukaddesdir, kerem-keramatdyr. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşguny bolup durýar. Watanyň nä derejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli ruhy buýsanjyndan syzylyp çykan «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşyrowa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işgäri Döndi Ýusupowa hem-de harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça hünärmeni kapitan Baýram Mämmaýew çykyş etdiler.

 

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI