BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÝAŞLAR

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatsöýüjilikli, ynsanperwer syýasatlary, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň many-mazmuny, ynsanperwer halkara başlangyçlary, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri raýatlara düşündirmekligi üpjün etmek, raýatlaryň, orta mekdepleriň okuwçylarynyň daşary ýurtlara okamaga, işlemäge, söwda etmäge, gezelenç etmäge we beýleki maksatly gidýän raýatlarymyzyň, olaryň ene-atalarynyň arasynda adam söwdasynyň pidasyny bozmaklyk daşary ýurtlarda bolnan wagty şol ýurtlaryň kanunlaryny berjaý etmekligi düşündirmek maksady bilen Kerki etrabynyň  6-njy orta mekdebinde daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň hossarlarynyň hem-de ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Türkmenistanyň Dowlet Migrasiýa Gullugynynyň Lebap welaýaty müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň işgäri Akmuhammet Bäşimow we Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Merdan Ýuldaşow çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI