Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli hem-de bu baýramçylygyň taryhy ähmiýetini, Günorta we Merkezi Aziýa döwletlerinde bellenilişini, däp-dessurlaryny ýaşlara wagyz etmek maksady bilen “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň baýramçylyk sanyna Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Ogulakowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nargül Ataşowa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Aýgül Gurbanowa dagylar gatnaşdylar.
“Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýram bolup, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýändigi, ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýandygy, Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň we nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýändigi, şeýle hem bugdaý däneleriniň şinelendirilişi, Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşy barada giňişleýin beýan etdiler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli türkmen halkymyzy ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.