HANY BAKALY GYZLAR

Golaýda Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda “Iň uzyn saçly gyz-2025” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna şäher, etrap tapgyrlarynda 1-2-nji orunlara mynasyp bolan uzyn saçly gyzlaryň 14-si gatnaşdylar.

Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Dinara Karimowa, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Mähri Myradowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Leýla Resulowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Aýna Rozyýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Maýsa Muhyýewa eminlik etdiler.

I orna Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji “B” synp okuwçysy Selbi Şirowa,

II orna Kerki etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 12-nji “B” synp okuwçysy Anýa Durdymyradowa,

III orna Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji “A” synp okuwçysy Arzuw Akmyradowa,

III-oruna Darganata etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň 9-njy “Ç” synp okuwçysy Leýla Ballyýewa,

III orna Köýtendag etrabynyň 1-nji orta mekdebiň 12-nji “A” synp okuwçysy Milana Zafarowa dagylar mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary Hormat hatlary gowşuryldy.

Türkmenistany bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI