TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň 7-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşi, Etrek etrap jemgyýetçilik guramalary, Etrek etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara giň mümkinçilikleriň döredilýändigini ýurdumyzyň ähli etrap merkezlerde täze-täze mekdepleriň, sport toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilýändigini nygtap geçdiler. Şeýle hem ösüp gelýän nesillerde watançy, ahlakly, adalatly, dogruçyl, ululara hormat goýýan, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak ýaly gowy häsiýetleri özüňde jemlemelidigini aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda gatnaşanlar ýaşlary watansöýüji, sagdyn ruhda terbiýelemek maksatly, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden minnetdarlyklaryny bildirip, hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Arzygül TEKEMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar