Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň özboluşly milli ruhy gymmatlyklaryny, agzybirlik ýörelgelerini özünde jemleýän Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe bölümçesi, Gumdag şäherçe Geňeşligi, Gumdag şäherçe medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda şäherçäniň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň ýaşlaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresinde hem medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda kalplara joşgun, ýüzlere şatlyk paýlap gelen ajaýyp bahar paslynyň waspy belentde ýaňlanyp, çäre gatnaşan ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşanlar Milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga esaslanýan kämil hem-de döwrebap ruhy ýörelgäniň kemala gelmegi we has-da rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýtdylar.
Nartäç GANÝOKMAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Gumdag şäherçe bölümçesiniň baş hünärmeni.