«GYZLAR – ÖÝÜŇ GELŞIGI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda etrabymyzyň 27-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy gyzlarymyzyň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen «Gyzlar – öýüň gelşigi» atly döredijilik bäsleşigi çäresi geçirildi.

 Bäsleşikde gyzlaryň öz el işlerinden düzülen sergi, çärä gatnaşan zenanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlarymyzyň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz hünärlerini görkezmekleri bolsa muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bäsleşigiň jeminde etrabymyzyň 27-nji orta mekdebiniň ýokary synp gyzlaryndan düzülen toparlarynyň arasynda birinji  orna 12 “A”, ikinji orna 12 “D”, üçinji  orna 11 “Ç” mynasyp boldylar. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy gyzlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary şeýle-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Gülruh NAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar