NOWRUZ GELDI BU BAGTYÝAR DIÝARA

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, Aşgabat şäher Geňeşleriniň, hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli  «Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara» atly şygar astynda  aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TMÝG-niň agzybir işgärleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, döredijilik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaş aýdymçylarynyň, tansçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym –sazly çykyşlar belentden ýaňlandy.

«Nowruz geldi bu bagtyýar diýara» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli baýramlarymyzy döwlet dereje­sinde bellemäge, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar