Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de “Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki “Türkmendemirýoltaslama” taslama düzüş-agtaryş institutynyň mejlisler jaýynda “Medeni mirasymyzyň gönezligi ahlak terbiýesi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýaşlarynyň belent ruhly, kämil nesli kemala getirmekde, enelerimiz hem-de gelin-gyzlarymyz tarapyndan döredilen hüwdüler, läleler, monjugatdylar ýaly halk döredijiliginiň nusgalaryny ýaşlara ýetirmek olarda lebzi halallygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ula sarpa goýmak, kiçini söýmek ýaly ýagşy ynsan häsiýetlerini özüňde terbiýelemek babatda birnäçe durmuş mysallaryny getirdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan talyp ýaşlar döredilip berilýän giň mümkinçilikler şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.