WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýaňy ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň işgärleriniň arasynda Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Söz-sözlänler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda baýramçylyklarymyzy uludan bellemäge ony dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilip berilýändigini nygtadylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ulydan bellenilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ähli ýerlerde aýdym sazlar, milli tagamlary bilen aýratyn öwüşgin berýär diýip çykyş edenler bellediler.

Çäräniň ahyrynda şular ýaly toý baýramlarymyzy ulydan bellemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Allanazar TÄÇMYRADOW,

Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar