«NOWRUZ – TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY» ATLY BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň zähmetkeşleriniň gatnaşmaklarynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz-tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy» atly şygar astynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýramyň halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýändigini we şonuň üçin hem häzirki döwre çenli Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilýändigini nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlap Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bilbil ANNAGURBANOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar