GYZ EDEBI – AHLAK GÖZELLIGI

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň gurnamagynda 58-nji, 59-njy, 60-njy we 61-nji orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlarynyň gatnaşmaklarynda “Gyz edebi-ahlak gözelligi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 Duşuşykda çykyş edenler etrabyň çäginde geçirilýän arassaçylyk işlerine ýakyndan ýardam bermek, il arasynda daşky gurşawy arassa saklamak, bag nahallaryny oturtmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek arassaçylygyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Göwher MÖWLÝAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI