Ylymlar güni mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri hem-de olaryň milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Gün-günden özgerýän Garaşsyz Watanymyzyň belent ösüşlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Zehinli ýaşlarymyz öz döredijiliginde berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şu asylly maksatdan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etraplardyr obalarymyzda iň häzirki zaman bilim edaralaryny gurýarys. Bu ulgamyň maddy binýadyny yzygiderli pugtalandyryp, ylmy taýdan esaslandyrylan okuw kitaplaryny hem-de gollanmalary neşir edýäris» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
- bäsleşik talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilýär.
- bäsleşik gysga hekaýa (erkin temada) ýazmak boýunça geçirilýär.
- bäsleşige hödürlenýän hekaýalar gysga bolmaly we Word formatynda ugradylmaly.
- bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Talyp ylhamy» döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen, özleri baradaky maglumatlary (adyny, familiýasyny, okaýan okuw mekdebini, näçenji ýyl talypdygyny we telefon belgisini) ýazyp, «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň elektron poçtasyna ibermeli;
- bäsleşige hödürlenen eserler 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap 31-nji maýyna çenli kabul ediler we eserleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan kesgitlener.
Bäsleşigi jemlemegiň tertibi:
- bäsleşik 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününe bagyşlanyp jemlener.
- bäsleşikde 1 sany baş baýrak;
1 sany 1-nji orun;
2 sany 2-nji orun;
3 sany 3-nji orun;
şeýle hem höweslendiriji baýraklar bellenilen.
- bäsleşigiň guraýjylary tarapyndan ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1908 (Gündogar köçesi), 10-A jaýy.
E-mail salgysy: zamanturkmenistan@sanly.tm
Habarlaşmak üçin telefonlar:
«Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy: 28-14-05, 28-14-36.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.