Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýurdumyzyň ýaşlarynyň ünsüni çekmek maksady bilen,
«Owadan ýazuw» atly bäsleşigini yglan edýär
Bäsleşigiň maksady:
Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen, ýurdumyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Owadan ýazuw» atly bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Bäsleşige ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ýaşlary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran hem-de döwürdeş şahyrlarymyzyň islendik bir goşgusyny A4 çap kagyzyna golýazma usulynda ýazyp, «Biznes reklama» gazetiniň salgysyna (Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý) ugratmaly.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Ugradyljak bukjalar bäsleşigiň Düzgünnamasy metbugatda çap edilen gününden kabul edilip başlanar. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp, 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde jemleniler.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23-77-92
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99