Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň Köpetdag etrap tapgyry geçirildi.
Bu bäsleşige etrabyň çäginde ýerleşýän umumy bilim berýän orta mekdep okuwçylary şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Olar üç ugur boýunça,ýagny, surat çekmek we amaly haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary boýunça bäsdeşdiler. Eminler toparynyň adalatly bahalary netijesinde birinji şerti boýunça Aşgabat şäheriniň 37 -nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwcysy Ajaýyp Annageldiýewa, ikinji şerti boýunça Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 1 -nji synp okuwçysy Şasenem Goçgarowa, üçünji şerti boýunça Aşgabat şäheriniň 42-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Hoşgeldi Rasulow ýeňiji bolup bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar ýaşlaryň döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň baş hünarmeni.