“PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI”

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda möhüm iki sany şanly sene ýagny — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Gepleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Aýnur Seýitberdiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen parahatsöýüjiligi hemra edinen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigi, taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigini aýratyn nygtadylar.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Enejan DOLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 106 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI