BAGLAR – BEZEGIDIR AJAP DURMUŞYŇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlary durmuşa geçiriji ýurt hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri yzygiderli geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda, daşky gurşawyň, howanyň arassalygyny gorap saklamakda baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Sebäbi agaçlar howanyň düzüminde bar bolan köp mukdardaky kömürturşy gazyny özüne siňdirip, adamzat ýaşaýşy üçin möhüm bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem güýz möwsümlerinde bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk bak ekmek dabaralarynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge halkymyzyň milliliginde bar. Taryhy geçmişde ata-babalarymyz tebigata gözellik berýän baglar hakynda «Bagym bar, barym bar», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki» ýaly birnäçe pähimleri döredipdirler.

Ykdysady taýdan kuwwatlanyp, güýçli senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyzda — paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, şäherlerde, etraplarda we obalarda ýaşyl baglyklary döretmek dowam etdirilýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar