Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet öýünde “Dillerinde Arkadaga alkyş bar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly şygar astynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri wagyz etmeklige ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik çäresine etrabyň bilim, sport, saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Söhbetdeşlik çäresiniň dowamynda dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlara ýurdumyzda döredilip berilýän mümkinçilikler, öz ulgamlarynda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler, ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak boýunça geçirilýän syýasy we medeni çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary dogrusynda giňişleýin çykyşlar etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.