SPORT SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň sport zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen «Sport sagdyn durmuşyň gözbaşy!» ady bilen sportuň gandibol görnüşi boýunça sport çäresi geçirildi. Ýaryşda çagalar öz ukyp başarnyklaryny görkezip, gurnaýjylar tarapyndan hormat hatylara mynasyp boldular.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar özleri üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny beýan etdiler.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI