LAGYM ARASSALAÝJY DESGASY AÇYLDY

Ýaňy-ýakynda Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde Lagym arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy geçirildi.Täze desgasynyň işe girizilmegi şäherçäniň hem-de onuň töweregindäki ýerleriň galyndy suwuny arassalap, tebigata gaýtaryp bermekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, şeýle-de ekinleriň dürli görnüşlerini suw bilen üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir.

Dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşanlar öz çykyşlarynda şeýle ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, döretmäge, dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny beýan etdiler.

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI