Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda welaýatymyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 15-17 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň arasynda «Guşlaryň owazy — parahatçylygyň güwäsi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Her ýylyň 1-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä guşlar gününe gabatlap ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek, tebigata söýgi döretmek, ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem zehinli suratkeş ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige nakgaş, grafika we gobelen eserleriniň 80-e golaýy hödürlenildi we olaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Guşlar dünýäsiniň ajaýyplyklaryny açyp görkezýän sergide Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan dürli guşlaryň gäpleriniň hem ýerleşdirilmegi oňa aýratyn gözellik çaýdy. Täsirli geçen bäsleşikde:
I orna – Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Merjen Zarafşanowa;
II orna – Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Mahira Umytjanowa hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maksat Şakirjanowa;
III orna – Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mekan Muhtarbaýew we Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Eneş Rejepowa hem-de Melike Bekmuradowa dagylar mynasyp boldular.
Şeýle hem Türkmenabat, Saýat, Dänew hem-de Hojambaz etraplaryndaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan Aýlar Rustamowa, Ogulnur Meýlisowa, Şerhan Ruslanow we Söhbet Hudaýberenow dagy höweslendiriji baýraklara eýe boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolan ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.