BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de ähli orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda Lebap welaýat Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi.

Geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýetişdirmekden, olaryň eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Bu bäsleşik Türkmen milli oýunlary,aýdym-saz we tans sungaty,surat çekmek we amaly haşam sungat ugurlary boýunça geçirildi.

Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijeleri:

Türkmen milli oýunlar ugry boýunça: Türkmenabat şäheriniň 9-njy orta mekdebiniň ýanyndaky internatyň 5-nji “A” synp okuwçysy Maşaripowa Selbi Rustambaýewna,

Aýdym-saz we tans sungat ugry boýunça:Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 4-nji “B” synp okuwçysy Töräýew Umyt Amangeldiýewiç,

Surat çekmek we amaly haşam sungat ugry boýunça Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçysy Babamyradowa Gülşirin Babamyradowna dagylar mynasyp boldular.

Türkmenistany bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI