BIZ ÝAŞLARA NUSGALYK MEKDEP

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda Dänew etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, okuwçylaryň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ajaýyp eseri dogrusynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Maýa Beşimowa, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Dänew etrap birleşiginiň hünärmeni Çemen Açylowa, mekdep müdiri Miýesser Hubbyýewa dagylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň jöwher pähim-paýhasynyň miwesi bolan “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitaby “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň beýik sogaply, döwletli işleriniň özboluşly jemini jemledi, bölümleriň hersinde türkmeniň belent adamkärçilik sypatlary, durmuş tejribesi, edeplilik ahlaklyk ýörelgeleri barasynda gürrüň berdiler.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Serdarymyzyň täze eserinden parçalary okap bermek bilen, kitapdaky çuňňur pelsepewi pikirleriň, anyk taryhy maglumatlara esaslanýan tymsallaryň her bir türkmenistanlynyň durmuşy ýörelgesine, ahlak kadasyna öwrülmelidigini buýsançly nygtadylar we şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Batyr KURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI