SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher, etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň «Ýolagçy» terminalynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň ýokary ruhubelentlikde garşylanýan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy çuňňur mana eýedir. Çünki, biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerimiz bütin dünýäde giňden dabaralanýar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilýändigi barada gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar abadan ýurdumyzda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar