ULY TÄSIRLERI DÖREDEN MASLAHAT

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda «Bütindünýä saglyk» gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Baýramçylyk maslahatynda «Bütindünýä saglyk güni» mynasybetli gutlaglar aýdyldy, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky tagallalar barada gürrüň edildi.

Gözel Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak babatda kabul edilen Döwlet maksatnamalarydyr Kararlar we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

Maslahata gatnaşyjylar ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, Watanymyzyň bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar