Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Änew şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalary hem uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň Änew şäheriniň çäginden geçýän böleginiň ugrundaky ýörite bellenilen ýerden welosipedli welaýatyň merkezine tarap ýola düşdiler.
Ýol çatrygyndaky aýlawda ýerleşýän «Saglyk» binasy welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda uly täsir döretdi. Welosipedliler bu ajaýyp binadan öwrüm edip, Änew şäheriniň içki ýollary bilen ýörişi uly ruhubelentlikde dowam etdiler. Ýol ugurda gurnalan aýdym-sazly medeni çykyşlar we sport görkezme çykyşlary olaryň göwünlerine ganat berdi.
Welosipedli ýörişe gatnaşanlar welaýatyň merkezindäki medeniýet öýüniň gabadynda — ýol ugurdaky pellehanada şowhun bilen garşylandy. Soňra ýaşlar şäherdäki sport mekdepde guralan ýaryşlara işjeň gatnaşyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şanly sene mynasybetli geçirilen sport-sagaldyş çärelerinde tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.