TARYHY ÝADYGÄRLIGE SYÝAHAT

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki  jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna syýahat guraldy.

Gezelençde etrabyň edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerde zähmet çekýän ýaşlar üçin guralan syýahatynyň dowamynda  «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýa Hojyýewa taryhy ýadygärlikler barada täsirli gürrüň berdi.

Onuň bu taryhy künjekde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada ylmy maglumatlara salgylanyp beren gürrüňleri, şeýle-de taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, goramak we rejelemek babatynda alnyp barylýan işler hakdaky gürrüňleri ýaşlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

Bu syýahat ýaşlaryň watançylyk duýgusynyň ösmegine oňyn täsir edip, olara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

Begenç ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar