Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmaklarynda döredilen «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara etrabymyzyň ýaşlary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Döwrebap önümçilik binasy birnäçe bölümlerden ybarat bolup, ol ýerde ýylda 1 kilowatdan 600 kilowata çenli dürli kuwwatly, ýigrimi görnüşli elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy (UPS) enjamlaryň daşky gapaklary we içki bölekleri öndüriler. Kämil tehnologiýalardan başga-da, bu ýerde ornaşdyrylan lazer, bükme, etiket enjamlary, şeýle-de plasmas gapaklary taýýarlaýjy enjam ýaly häzirki zaman enjamlary önümçilik işiniň degişli talaplara laýyklykda alnyp barylmagyna şert döreder.
Täze önümçilikde ornaşdyrylan enjamlar, ol ýerde zähmet çekýän ýaşlar üçin döredilen şertler ýakymly duýgulary döretdi. Döwrebap binanyň açylyş dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlardan hem özboluşly lezzet aldyk.
Ýurdumyzyň senagat ugruny ösüşiň belentliklerine çykarmak, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.